BIZNES

ABŞ-nyň banklary rekord derejede girdeji gazandy

Şu ýylyň birinde çärýeginde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň banklary taryhda görlüp-eşidilmedik girdeji gazandylar. Bu barada ýurduň metbugat sahypalary habar berýär.

Gazanylan rekord derejedäki girdejilerde esasan hem üç bankyň aýratyn uly goşandynyň bardygyny çeşmeler nygtaýar.

Has takygy, şu ýylyň ilkinji üç aýynda «JPMorgan Chase» banky ýanwar ― mart aýlarynyň aralygynda 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bäş esse kän girdeji gazanyp, onuň puldaky mukdary 14,3 milliard dollara ýetdi.

«Goldman Sachs» banky bolsa şol döwürde girdejisini alty esse artdyryp, 6,7 milliard dollara ýetirdi.

Öňdebaryjylaryň üçlüginde «Wells Fargoniki» banky hem bar. Beýleki bäsdeşlerinden hem üstünlikli işlän bankyň girdejileri şu ýylyň birinji çärýeginde ýedi esse artdy we 4,7 milliard dollara ýetdi.

 

Birža täzelikleri: 40 geleşik hasaba alyndy

 

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň durky täzelener

Türkmenistandan üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 7 mln. tonnadan geçdi

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy