MEDENIÝET

ABŞ-da Türkmenistanyň Medeniýet günleri

Ozal hem habar berşimiz ýaly, ABŞ-nyň Albukerke şäherinde Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Medeniýet günleri geçirilýär. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenistanyň uly döredijilik topary Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bardy.

Albukerke şäherinde döredijilik saparynda bolýan türkmen wekiliýeti Nýu-Meksika uniwersiteti bilen tanyşdylar. Uniwersitetiň ýorite wekili uniwersitet bilen tanyşdyrdy. Oňa ýurdumyzyň sungat we döredijilik wekilleri, şeýle hem Arkadag şäheriniň wekilleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Meret Orazow hem gatnaşdy.

Tanyşlyk çäräsiniň çäklerinde türkmen wekiliýeti uniwersitetiň kitaphanasy bilen tanyşlyk geçdi. Türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň arasyda kitaphana wekili hem bardy, şonda kitaphana ulgamynda özara hyzmatdaslygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. ABŞ-nyň bu uniwersitetin kitaphanasynda 3 million kitap we neşir önümleri, şeyle hem 1 milliondan gowrak elektron neşir bar eken.

Şu ýerde ýene-de gyzykly maglumaty dykgatyňyza ýetirmek gerek bolar. Ol hem soňky 10 ýylyň dowamynda bu uniwersitetinde 10-a golaý türkmen talyby bilim alypdyr.

Şeýle hem Nýu-Meksiko uniwersitetinde beýik şahyrymyz Magtymguly Pyraga bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi. Onda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň häzirki zaman türkmen dili we taryhy bölüminiň müdiri Ogulnabat Goçowa Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde alnyp barylýan ylmy gözlegler, halkara derejesindäki baýramçylyga görülýän uly taýýarlyklar barada gürrüň berdi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň aýdymçysy Gülşirin Annamyradowa Magtymgulynyň sözlerine aýdymlary ýerine ýetirdi we artistler onuň goşgularyny okadylar. Şeýle hem Magtymguly Pyraga bagyşlanan iňlis dilindäki gysgaça wideo görkezildi.

Medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň ilçisi bilen Nýu-Meksiko uniwersitetiniň prezidenti Garnett Stoksyň arasynda duşuşyk geçirildi, duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň uniwersitetleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ertir ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti bolar.

Bu dabaralary “Ata Watan” mediýa topary Albukerke şäherinde surata düşürdi we wideoýazgy etdi. 

Ýene-de okaň

«Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyry üstünlikli geçirildi

Italiýada Türkmenistanyň arheologik üstünlikleriniň sergisi geçiriler

2026-njy ýylda Medeniýet hepdeligi Balkan welaýatynda geçiriler

«Pa­ra­hat­lyk aý­dy­my» at­ly tä­ze film tomaşaçylara hödürlendi

«Balkan Trip TV» teleýaýlymy türkmen zergärleriniň ussatlygy barada gepleşik taýýarlaýar

Türkmenistanda Medeniýet hepdeligi badalga aldy