DÜNÝÄ

ABŞ bilen Saud Arabystany 600 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp özüniň ilkinji daşary ýurt saparyny amala aşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Ýakyn Gündogar ýurtlarynda saparda bolan Donald Tramp ilkinji bolup, Saud Arabystanyda ýokary derejede gepleşikler geçirdi.

Trampyň Er-Riýada amala aşyran saparynyň çäklerinde umumy bahasy 600 milliard dollardan gowrak bolan şertnamalara gol çekildi. Bu iki ýurduň taryhyndaky iň iri ykdysady ylalaşyklar bukjasy bolup durýar.

ABŞ-nyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, resminamalara toplumyna gol çekmek dabarasy ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň hem-de Saud Arabystanynyň mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saudyň gatnaşmagynda geçirildi.

Ylalaşyklar çäklerinde saud kompaniýasy “DataVolt” ABŞ-da maglumat merkezleriniň we energetika infrastrukturasynyň gurluşygyna 20 milliard dollar töweregi maýa goýar. Amerikanyň “GE Vernova” korporasiýasy Saud Arabystanyna 14,2 milliard dollarlyk gaz turbinalaryny we energetika enjamlaryny ýetirer, “Boeing” bolsa saud awiakompaniýasy “AviLease” kompaniýasy bilen 4,8 milliard dollarlyk “Boeing 737-8” ýolagçy uçarlarynyň üpjünçiligi boýunça şertnama baglaşdy.

Saglygy goraýyş ulgamyndaky taslamalar aýratyn bellenilýär. Şol sanda Miçigan ştatynda täze ýokary tehnologiýaly lukmançylyk erginleri öndürýän zawodyň gurluşygy hem göz öňünde tutulýar, onuň umumy bahasy 5,8 milliard dollara barabar.

Ak Tamda bellenilip geçilişi ýaly, bu şertnamalar “iki ýurduň gatnaşyklarynda täze altyn eýýamyň binýadyny düzýär” we ABŞ-da hem Saud Arabystanynda iş orunlarynyň döredilmegine hem-de ykdysady ösüşe goşant goşar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Koreýada türkmen talyplary bilen duşuşdy

Türkmenistan-Günorta Koreýa: migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk ösdüriler

Parižde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň medeni-sazly agşamy geçirildi

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň we Gruziýanyň alymlary bilelikde milli golýazmalary öwrenmäge başladylar

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy mini-futbol ýaryşyny gurnady