DÜNÝÄ

ABŞ bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek babatda resminama gol çekildi

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümetiniň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu barada düýn Türkmenistanyň Prezidentiniň geçiren sanly ulgam arkaly iş maslahatynda aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Prezidentimiz iş maslahatyny dowam edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna we Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş saparlarynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň wekiliýeti ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen ikitaraplaýyn duşuşygy hem-de türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriň her ýylky nobatdaky mejlisini geçirmek maksady bilen, 2023-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde ABŞ-nyň paýtagty Waşington şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Onda ikitaraplaýyn, sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerine garaldy.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-nyň arasyndaky “C5+1” görnüşindäki hyzmatdaşlygyň çäklerinde howpsuzlyk, ykdysady, energetika we howanyň üýtgemegi ýaly ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlarydyr birek-biregi goldamagy işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.

Saparyň çäklerinde ABŞ-nyň Döwlet departamentinde syýasy geňeşmeleriň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, daşky gurşawy goramak, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň meseleleri, hususan-da, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri ara alnyp maslahatlaşyldy. ABŞ-nyň kompaniýalarynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen oňyn tejribesi nazara alnyp, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin alnyp barylýan işleriň işjeňleşdirilmelidigi, şunda öňdebaryjy sanly tehnologiýalaryň we innowasion çemeleşmeleriň esasy ugur bolmalydygy bellenildi.

Daşky gurşawy goramak ulgamynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky işleriň hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Glazgo şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň 26-njy mejlisinde öňe süren teklipleri esasynda alnyp baryljakdygy bellenildi. Syýasy geňeşmeleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümetiniň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň energetika meseleleri boýunça kömekçisi, “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory hem-de bu geňeşiň agzalary bolan amerikan kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, Smithsonian institutynyň Aziýa sungaty milli muzeýiniň müdiri bilen duşuşyklary geçirdiler.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasyny”, gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny berkitmek üçin teklipleri, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda guraljak dürli derejedäki saparlaryň Çarçuwaly meýilnamasyny taýýarlamak baradaky teklipler hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, biziň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny amala aşyryp, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklara hemişe açykdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz beýan edilen teklipleri makullap, Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen döwletara gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen nygtady. Ol soňky ýyllarda täze many-mazmuna eýe boldy. Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy giň ugurlary öz gerimine almak bilen, ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde okgunly ösdürilýär. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, bu ugurda bilelikdäki işewürlik geňeşine aýratyn orun degişlidir. Ol özara bähbitli işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň, maýa goýum işjeňligini höweslendirmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda uly tejribe toplanandygyny hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin ýeterlik kuwwatyň bardygyny aýdyp, bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Türkmen wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary

 

Raşid Meredow her ýylky esasy rugsadyna çykdy

Ýene-de okaň

Indoneziýa BRIKS-iň doly hukukly agzasy boldy

Belarus Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatylarynyň nusgalaryny gowşurdy

Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian Täjigistanda we Russiýada saparda bolar

TOPH gaz geçirijisi boýunça duşuşyk

Messi ABŞ-nyň Prezidentiniň Azatlyk medalyna mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

Jemgyýetçilik ulaglary mugt boldy