BILIM

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy döredildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyny döretmek baradaky resminama gol çekdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistany 2022 —2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan atlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak we baş sanyny köpeltmek, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri toplumlaýyn hem-de ylmy esasda taýýarlamak maksady bilen, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyny döretmek baradaky Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy
«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň garamagyna berildi.

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna talyplary 2023-2024-nji okuw ýylynda kabul edip başlamak göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

TOHU-da «XXI asyr marketing» atly açyk sapak geçirildi

HNGU-da «Eksport – global bazarlaryň gapysy» atly açyk sapak geçirildi

Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaş boldular

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri