TEHNOLOGIÝA

Telefonlary arassalaýan enjam

“Xiaomi” kompaniýasy dünýäde dowam edýän çylşyrymly döwürde smartfonlaryň ýüzündäki howply mikroorganizmleri ýok edýän enjam ýasady. Bu enjam bakteriýalaryň 99,9 göterimini ýok edip, telefony 30 sekundyň dowamynda arassalaýar.

“EUE Phone” atly enjam himiki serişdeler bilen telefony arassalaman, eýsem ultramelewşe şöhlelerden peýdalanýar. Ol hem telefonyň işleýiş ulgamyna hiç hili zyýan bermeýär. Arassalaýjy enjam dürli elektron enjamlary arassalamaga mümkinçilik berýär. Gabyň içine ýerleşýän gulaklygy we akylly sagatlary hem arassalamak bolýar.

Bu enjamy ulanmak örän aňsat. Telefony gabyň içine goýup, düwmesine basmaly. Enjamyň akkumulýatory 3 sagatda zarýad alýar we ol hem 70 gezek ulanmaga mümkinçilik berýär.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar