TEHNOLOGIÝA

“Apple” “Spaces” kompaniýasyny satyn aldy

ABŞ-da ýerleşýän “Apple” tehnologiýa kompaniýasy “Spaces” atly hyýaly hakykat (Virtual Reality) kompaniýasyny satyn aldy. “Apple”-iň bu kompaniýany satyn almagynyň esasy maksady hem akylly äýnekleri öndürmekden ybaratdyr. Täze kompaniýanyň şahamçasynda emeli aň we hyýaly hakykata (Artificial Intelligence and Virtual Reality) gönükdirilen akylly äýnek taslamasy taýýarlanar. Bu barada “Independent” gazetinde habar berilýär.

2016-njy ýylda “Dreamworks” -iň öňki işgärleri tarapyndan döredilen “Spaces” kompaniýasy, ulanyjylara animasiýa we hyýaly hakykata esaslanýan wideolary hödürleýärdi.

“Apple” emeli aň ulgamyny ösdürmek we bäsdeşlerinden tapawutlanmak üçin birnäçe sany kompaniýa satyn aldy.

Ýene-de okaň

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar