JEMGYÝET

Dünýäniň baý işewürleriniň iş endikleri

Mälim bolşy ýaly, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň “www.atavatan-turkmenistan.com” resmi saýty “Üstünlik  gazanmagyň ýollary” atly döredijilik bäsleşigini geçirýär. Eýýäm bäsleşige köp sanly makalalar toplumy hödürlendi. Ol hem emin agzalary tarapyndan seredilip, internet sahypasyna ýerleşdirildi.

Şol makalalar toplumyň aglabasynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň şeýle ýokary derejä ýetmek babatda amala aşyran işlerine köpräk salgylanylypdyr. Şeýle hem eserleriň köpüsinde ir turmagyň peýdaly taraplary hem bellenilip geçilipdir.

Golaýda metbugat sahypalarynyň birinde dünýäniň iň baý baş müdirleriň iş endikleri barada gyzykly maglumatlar berlipdir. Şol maglumatlar okyjylarymyz hem gyzyklandyrsa gerek.

Şol makalada häzir döwrüň baý işewürleriň ir turmagy endik edinendigini görmek bolýar. Irden turmaýanlaryň biri bolsaňyz, üstünlikli gelejek üçin bäsdeşleriňizden bir ädim yzda bolup bilersiňiz. Köp alymlar ir turmagyň döredijiligi we netijeliligi ep-esli ýokarlandyrýandygy bilen ylalaşýarlar.

Mysallara ýüzleneliň…

  • Alym Dan Ariely irden turandan soňra ilkinji iki sagat adamyň iň netijeli wagtydygyny belleýär.
  • “Apple” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tim Kuk has netijeli bir gün üçin ertir irden 3:45-de turýar. 4 sagat 30 minutda internet poçtasyna seredip, şol ýerden gelen poçtalara jogap ibermäge başlaýar. Sagat 5-de sport bilen meşgullanýar. Ol “Apple” kompaniýasynyň edara binasy birinji gelip, iň soňky gidýänleriň biridir.
  • “Twitter” jemgyýetçilik torunyň ýolbaşçysy Jak Dorseý sagat 5-de turýar we irki maşklardan soňra işe başlaýar. Ol işine ýöräp gidýär we günde bir gezek naharlanýar.
  • 2011-nji ýylda aradan çykan “Apple” kompaniýasynyň ozalky ýolbaşçysy Stiw Jobs hem ir turýanlardan eken. Ol sagat 6-da turup, işe girişýän eken.
  • “Virgin Group” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Riçard Branson hem 5:45-de turup, irki maşklardan soňra işine başlaýar.
  • “Yahoo” kompaniýasynyň ozalky başlygy Marisa Maýer hem ir turýan eken. Ol kompaniýa ýolbaşçylyk edýän döwründe 4 sagat uklaýan eken.
  • “Pepsi” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Insra Nooýi hem sagat 4-de turup, sagat 7-de işe gelýär.
  • “General Motors” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mary Barra irden sagat 6-da iş ýerinde bolýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan «Taýwanyň garaşsyzlygy» bilen bagly islendik görnüşlere garşy çykyş edýär

Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Bakudaky WUF13 forumynda Arkadag şäheri tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Elçin Guliýew bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Şazada Edward bilen duşuşdy

Patyşa Karl III: ahalteke bedewleri dünýäde meşhur atlar hasaplanýar