JEMGYÝET

Jemgyýetçilik ulaglary mugt bolar

Ýewropanyň ilatynyň jan başyna düşýän girdejileri boýunça öňdebaryjy ýurtlaryň biri bolan Lýuksemburgda jemgyýetçilik ulaglary mugt bolar. Bu düzgüniň 1-nji martdan güýje girjekdigi habar berilýär.

Şeýlelikde Lýuksemburg dünýäde jemgyýetçilik ulaglary bolan otly, tramwaý we awtobuslaryň gatnaw bahasy mugt boljak ilkinji ýurt bolar. Bu düzgün 2018-nji ýyldan bäri meýilnamalaşdyrylyp gelinýär. Her ýyl 41 million ýewrolyk çykdajy göz öňünde tutulan bu düzgün köçe-ýol hereketiniň dyknyşygynyň kadalaşdyrylmagyna hem-de howa hapa gazlaryň goýberilmeginiň azaldylmagyna mümkinçilik berer.

2018-nji ýyldan bäri bu düzgüniň üstünde işleýän ýurduň hökümetiniň metbugat wekili Dani Frank bu maksatnamanyň esasy maksadynyň adamlaryň hususy ulaglaryndan el çekip, jemgyýetçilik ulaglarynyň hyzmatyndan peýdalanmagyny gazanmakdan ybaratdygyny belläp geçdi.

Related posts

Hek daşlar we bloklar :«Gaýly», «Düzmergen» we «Şagadam» ýataklary

Dr.Döwran Orazgylyjov

Agajan Bekmyradow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär görkezildi

Ata Watan Eserleri

Halk Maslahaty: Energetika we gurluşyk toplumy barada habarlar

Ata Watan Eserleri