Sözlerıň Ylmylyk we Göçmelık Güýjı Hakynda

Türk diliň güýji hakynda merhum türk alymy Prof. Dr. Doğan Aksan ýedi gezek ölçäp, (1987; 1990; 1993; 1997; 1998; 1999; 2001) anyk netijeleri alypdy. Biz hem tejribeli türk alymyndan ugur alyp, bu meselä tapawutly tarapdan çemeleşmekligi göz öňünde tutduk. Has dogrusy, bu makalada türkmen dilinde ulanýan sözlerimiziň şu wagta çenli açylmadyk bir sahypasyny görkezmekligi maksat edindik.

Esasy maksat türkmen sözleriniň ylmylyk taýyndan beýleki ylymlar bilen nähili baglanyşygynyň bardygyny öwrenmekden ybaratdyr. Başgaça aýdanymyzda, eýsem bir sözümiz hakyky ýa-da göçme manyda dil, edebiýat, taryh, geografiýa, matematika, zoologiýa, botanika, gurluşyk, din, lukmançylyk, himiýa, biologiýa, sosiologiýa, anatomiýa fizika ýaly beýleki ylmy pudaklar bilen nähili baglanyşygy emele getirýärkä? Ynha, makalada şu baglanyşyk hakynda sada dil bilen okyjylarymyza gysgaça maglumat bermekligi göz öňünde tutduk. Şeýle hem bularyň dilimizdäki ýerini anyklamaga synanyşdyk. Şeýlelikde, sözüň asyl we ýakyn manylaryna esaslanyp, sözleriň ylmylyk we göçmelik güýjüni (SYGG) öwrenmegi göz öňünde tutduk.

Eýsem, söz bilen baglanyşykly “ylmylyk güýç” diýleni nämekä? Bu soraga şeýleräk görnüşde gysgaça jogap berip bileris: “Ylmylyk güýç, sözleriň aňladýan manysy we mazmuny taýyndan beýleki ylymlary özüne çekip bilme güýjüdir”.

Onda söz bilen baglanyşykly “göçmelik güýç” nämekä? “Göçmelik güýç, sözleriň aňladýan hakyky manysyndan başga manylary özüne çekip bilme güýjüdir”.Mysal üçin, “duzlamak” sözi dil babatdan işlik söz toparyna degişli sözdür, bu sözüň köki atdyr (duz), -la- ýasaýyjy goşulmadyr, atdan işlik ýasap, bir işi, gymyldy-hereketiň netijesini bildirýär.

Şonuň bilen bir hatarda munuň özboluşly ylmylyk güýji bardyr, başgaça aýdanymyzda, bu söz himiýa ylmyny özüne çekýär. NaCI + (-la) = duz + la = duzlamak, şeýlelikde, semantik taýdan işi aňladýan bu işlik ylmy taýdan himiki işlikdir.

Bu sözüň ylmylyk güýjüniň semantik agyrlygy “eti ýa-da derini” duzlamak bilen baglanyşykly iş-hereket edilen ýagdaýynda ýüze çykýar we belli bolýar. Göçmelik agyrlygy bolsa aýdylan söz, berlen jogap, gaýtargy gep bilen özüni görkezýär, söz bilen berk daraýar, söz bilen gaýtawul berýär, söz bilen berk täsir edýär.

Şeýlelikde, türkmençe: duzlamak, türkçe: tuzlamak, rusça: солить hakyky manyda hereketiň netijesinde bir işi görkezen işlikdir; göçme manyda bolsa bir sözleýşiň, gepleýşiň netijesinde birine berk jogap gaýtarmagy, söz bilen ýepbeklemegi (türkmençe: duzlamak, türkçe: haşlamak, azarlamak, rusça: насолить) aňladýar.

Netijede, “duzlamak” işliginiň bir hakyky (asyl) manysy bar, bir-de göçme manysy bar. Hakyky manysy iş-hereket bilen baglanyşykly, göçme manysy bolsa sözleýiş bilen baglanyşyklydyr.  Muňa meňzeş ýagdaýlar diňe işliklerde däl, eýsem dilimizde ulanýan beýleki sözlerimizde-de duş gelip bilýär.

Ýene-de okaň

“Makul habar” elektron gazeti (22-sany)

Iordaniýa ilkinji gezek dünýä çempionatynda çykyş eder

Türkmenistanyň Prezidenti Gurban baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministri “Merkezi Aziýa – Hindistan” işewürler geňeşine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýranyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Taryhy gün: Özbegistan futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Bilim – ösüşleriň berk binýady

Türkmenistanyň bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda geňeşmeler geçirildi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hindistanda saparda bolýar

GDA döwletleri agyr senagaty ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk eder

Ata Watan Eserleri

Saud Arabystanyna 1,5 milliondan gowrak haj zyýaratçysy bardy

“Google” we Çili Awstraliýa çenli optiki süýümli kabel çeker

Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň agzalygyna saýlandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarda 349 medala mynasyp boldular

Pileçilerimiz Watan harmanyna 2100 tonnadan gowrak pile tabşyrdy

11-nji iýul “Bütindünýä atlar güni” hökmünde bellener

Ýanwar-maý aýlary: 73 resminama gol çekildi

Türkmenistanda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy