DÜNÝÄ

Medeniýet we sungat ömri uzaldýar (12 ýyllyk barlag)

Käbir adamlar sagdyn bolmak üçin iýýän iýmitlerine üns berýär, käbiri bolsa, sport bilen yzygiderli meşgullanýar. Adamlaryň sagdyn bolmagy ugrunda geçirilen täze barlaglaryň netijesine görä, medeniýetiň we sungatyň ömri uzaldýandygy mälim edildi.

Her aýda ýa-da birnäçe aýda bir gezek teatra gidýän adamlara sungatyň oňyn täsirini ýetirýändigi anyklandy. Beýik Britaniýanyň London uniwersitetiniň akademiýasynyň geçiren barlaglaryna görä, her aýda bir gezek teatra ýa-da muzeýe gidýän adamlarda ölüm howpunyň 30 göterim azalýandygyna göz ýetirildi. Alymlar 50 ýaşdan ýokary bolan 7 müň adamyň gatnaşmagynda 12 ýylyň dowamynda seljerme işlerini geçirdiler.

“Canterbury Christ Church” uniwersitetiniň alymy Stefan Klift şeýle medeni çäreleriň ýalňyz ýaşaýan adamlar üçin has gowudygyny belläp geçdi. Ylmy seljermäniň netijesine görä, medeni çärelerden lezzet almagyň adam psihologiýasy üçin peýdalydygy anyklandy.

Ylmy-barlag işlerini geçiren toparyň ýolbaşçysy Daisy Fankourt ýurtda näsaglaryň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmak üçin medeni çärelere ugrukdyrylýandygyny belledi.

Ýene-de okaň

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň daşary ýurt ilçihanalarynda metbugat attaşesi wezipesi dörediler

Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda nobatdaky parlamentara duşuşygy geçirildi