JEMGYÝET

Internetde Dörän söýgi

Bilmedim, nireden girdiň dünýäme,

Tötänden tanyşdyk, tötänden duşduk.

Ýogsa, imrinmäge pursatam ýog-a,

Bary-ýogy internetde ýazyşdyk.

 

Soraşdyk, ideşdik, duşuşdyk soňam,

Göwnüň ýaly gözel eken keşbiňem.

Şondan bäri ak kagyza sen hakda

Goşgy bilen çekip ýörün keşde men.

 

Hat ýazaňda ýyndam urýar ýüregim,

Jaň edeňde has ýagtylýar töwerek.

Duýgularmy ýaýyp goýduň öňüňde

Gursagymy beýlesine çöwürip.

 

Öňde-soňda bolan sowuklyklary

Unutdyk-da, kalbymyzda ýaz açdyk.

Ýogsa, imrinmäge pursatam ýokdy,

Bary-ýogy internetde ýazyşdyk.

 

Sapa Hommadow,

Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň 14-nji orta mekdebiniň mugallymy

 

 

Related posts

Türkmenistanda nobatdaky hususylaşdyrma ädimi

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesine täze ýolbaşçy bellendi

Cumhurbaşkanlığı seçimlerde 3223 yerel gözlemci görev alacak

vepa