DÜNÝÄ

Saudi Aramco TOPH taslamasyna hemaýatkärlik eder

“Moody” we “Fitch” tarapyndan berilýän mmaglumatlara görä, 2018-nji ýylda iň köp girdeji gazanan kompaniýa Saud Arabystanynyň “Saudi Aramco” kompaniýasydyr. Onuň geçen ýylyň dowamyndaky girdejileri 111,1 milliard dollara ýetipdir. Bu maglumatlaryň hakykata daýanýandygyny şu hepdede arap kompaniýasynyň özi hem tassyklady. Şeýlelikde, “Saudi Aramco” diňe geçen ýyldaky arassa giderjisi “Apple”, “Google” we “ExxonMobil” kompaniýalarynyň üçüsiniň bilelikdäki girdejisinden hem köpdür. Berilýän maglumatlara görä, geçen ýyl “Aplle” 59,5 millard, “Google” 30,7 milliard,  “ExxonMobil” bolsa 20,8 milliard dollar gazanypdyr. Şu maglumatlardan hem görnüşi ýaly, “Saudi Aramco” geçen ýyl sanawyň ikinji ornundaky “Apple”-dan hem iki esse köp girdeji gazanypdyr. Üçünji orny bolsa 35,1 milliard dollarlyk girdeji bilen “Samsung” kompaniýasy eýeleýär.

“Saudi Aramco” Saud Arabystanynyň milli nebit kompaniýasy bolup, ol nebiti gazyp almak we onuň söwdasy boýunça dünýäniň iň iri kompaniýasy hasaplanylýar. Ol 1933-nji ýylda Saud Arabystany hökümetiniň ABŞ-nyň “Standard Oil of California” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygynyň netijesinde döredildi.

Ýakynda centralasia.news saýtynda hut şu kompanýanyň Türkmenistan ― Owganystan ― Pakistan ― Hindistan gazgeçirijisiniň hemaýatkäri boljakdygy ýazyldy. Şeýle abraýly kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk asyryň gurluşygyna öwrüljek gazgeçirijiniň işiniň üstünlikli amala aşyryljakdygyny görkezýär.

Ýene-de okaň

Özbegistanda Ministrler Kabinetiniň täze düzümi tassyklandy

Owganystan bilen goňşy döwletleriň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy Aşgabatda geçiriler

Trampdan türk asylly lukmana teklip

Ata Watan Eserleri

Özbegistanda Abdulla Aripow täzeden Premýer-ministr boldy

Türkmenistanyň has howpsuz geljegini gurmakda ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär