TEHNOLOGIÝA

Ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgärler

Ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgäriň ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesi bolmaly.

Ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgär ylmy işini doktorlyk dissertasiýasy görnüşinde taýýarlamak üçin 4 ýyl möhlet bilen ýokary okuw mekdebine ýa-da ylmy edara hasaba alynýar.

Ylymlaryň doktory alymlyk derejsine dalaşgär ýokary okuw mekdebinde ýa-da ylmy edarada hasaba alynmagy üçin ýolkbaşçynyň adyna:

– ylymlaryň kandidaty diplomynyň nusgasy goşulan arza;

– dissertasiýanyň ugry boýunça ylmy işleri alyp barýan ýokary okuw mekdebiniň  ýa-da ylmy edaranyň Alymlar geňeşiniň dissertasiýanyň 2/3 böleginiň taýýarlygy baradaky güwänamasy;

– şahsyýetini tassyklaýan resminamany we ylymlaryň kandidaty diplomyny dalaşgäriň özi getirip görkezmeli.

 

Related posts

Dünýäde 5G ulgamly iň arzan smartfon

“Kanýon” kompaniýasy zenanlar üçin akylly sagat döretdi

“Apple”-den öňe saýlandy

Ata Watan Eserleri