JEMGYÝET

Türkmenistanyň Mejlisinde maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisinde deputatlaryň gatnaşmaklarynda «Bagtyýar halkymyzyň agzybirligi we jebisligi biziň güýçli döwletimiziň sarsmaz sütünidir» atly maslahat geçirildi.

Maslahatda Mejlisiň deputatlary Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde öňde goýan wezipeleriniň we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň parlament ýolbaşçylarynyň öňündäki çuň mazmunly çykyşynyň, ýurdumyzyň halkara ynsanperwer gatnaşyklarynda durmuşa geçirýän işleriniň hem-de Türkmenistanyň Mejlisine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynda resmi taýdan synçy derejesiniň berilmeginiň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada çykyş etdiler.

Çykyşlarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp alyp barýan parahatçylyk dörediji syýasatyny, ynsanperwer ýörelgelerini, umumadamzat ähmiýetli oňyn başlangyçlaryny parlament diplomatiýasy arkaly giňden ýaýmak maksady bilen alnyp barylýan işler we öňde durýan wezipeler barada durlup geçildi.

Çykyşlarda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda tutuş dünýäde halkara hukugyň berkidilmegine uly ähmiýet berýändikleri bellenildi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen, 2028-nji ýylyň «Halkara hukuk ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» atly milli Konsepsiýa gol çekmeginiň döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlykda halkara hukugyň düzgünlerini berkitmäge, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy has-da pugtalandyrmakda möhüm ädim bolandygy nygtaldy.

Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Halkara hukuk ýylyna taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça çäreleriň ählisiniň ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmaga ýardam berýändigi barada aýdanlaryna üns çekildi.

Şeýle hem paýtagtymyz Aşgabatda şu ýylyň 17-18-nji noýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen bilelikde bitaraplyk syýasatyna we parlament diplomatiýasyna bagyşlanyp geçirilen ýokary derejeli üçünji Aşgabat maslahatynyň hem Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk dörediji, Bitaraplyk syýasatyny, halkara hukugyň ornuny ýokarlandyrmaga gönükdirilen oňyn başlangyçlaryny has-da dabaralandyrandygy barada durlup geçildi.

Çykyşlarda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen bilelikde guramagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli «Arzuw ganatlary» atly dabaranyň geçirilmeginiň Türkmenistanyň ösüp gelýän ýaş nesliň hukuklaryny goramak, her bir çaganyň sazlaşykly ösüşi üçin amatly şertleri döretmek işine berk ygrarlydygyny ýene bir ýola dünýä ýaýandygy aýratyn bellenildi. Bu dabaraly çäräniň Türkmenistanyň çagalaryň hukuklaryny we abadançylygyny üpjün etmek boýunça alyp barýan yzygiderli tagallalarynyň halkara ynsanperwer gatnaşyklaryň dabaralanmasy bolup giň goldawa eýe bolýandygyna aýdyň şaýatlyk edýändigi aýdyldy.

Maslahatda Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň güýzki maslahatynda Türkmenistanyň Mejlisine GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynda resmi taýdan synçy derejesiniň berilmeginiň ýurdumyzyň «Açyk gapylar» syýasatyny has-da dabaralandyrandygy aýratyn bellenilip geçildi. Bu çözgütleriň BMG-niň we GDA-nyň giňişliginde ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny dabaralandyrmakda, şeýle hem hoşniýetli döwletara gatnaşyklaryny, şol sanda  parlamentara hyzmatdaşlygyny we dialogy berkitmekde, milli kanun çykaryjylyk işinde halkara hem-de sebit tejribesini öwrenmekde we özara alyşmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygy bellenildi.

Related posts

Ertir – awtobuslar mugt hyzmat eder

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Owganystanyň ösüşine uly goşant goşýar

Türkmen Lider, Malezya Dışişleri Bakanı ile görüştü

vepa