Prezident Kasym-Žomart Tokaýew emeli aň boýunça AI Journey 2026 halkara maslahatynda çykyş etdi. Döwlet Baştutany öz çykyşynda emeli aň ulgamynyň ýokary derejeli hünärmenlerini bir ýere jemlän foruma çakylygy üçin Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine minnetdarlyk bildirdi, şeýle hem Russiýanyň ylym we tehnologiýa pudagyndaky gazananlaryna ýokary baha berdi.
Prezident çykyşynda şeýle belledi:
“Emeli aň häzirki wagtda diňe bir önümçilik we pikirleniş prosesleriniň, ýa-da häzirki döwürde giňden ulanylýan adalga bilen aýdylanda, aň-bilim (kognitiw) prosesleriniň awtomatlaşdyrylmagyny üpjün edýän serişde bolmakdan çykdy. Ol, aslynda, tehnologik infrastrukturasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Üns berilmäge mynasyp ýagdaýlaryň biri, şu ýyl dünýäde emeli aňa gönükdirilýän çykdajylaryň takmynan 2,7 trillion dollara ýetip biljekdigidir. Şol serişdeleriň 1,5 trillion dollardan gowragy hut sanly infrastrukturany ösdürmäge gönükdiriler.
Stenford uniwersitetiniň geçiren barlaglaryna görä, soraga gatnaşan guramalaryň 88 göterimi emeli aňy gündelik işlerinde ulanýandyklaryny mälim etdiler. Iki ýyl ozal bu görkeziji 55 göterime deňdi.
Iň iri tehnologiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ýygy-ýygydan geçirýän duşuşyklarym, ýakynda NVIDIA kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jensen Huang bilen geçiren duşuşygym, şeýle hem Russiýanyň kompaniýalarynyň wekilleri bilen bolan duşuşyklarym bolup geçýän özgertmeleriň uzak möhletli häsiýete eýedigini we olaryň, aslynda, yzyna gaýtaryp bolmajakdygyny tassyklaýar.”

Prezident sözüni dowam edip şeýle diýdi:
“Şu ýyl Sanlylaşdyrmak we emeli aň ýyly diýlip yglan edildi. “Digital Qazaqstan” atly Umumymilli strategiýa tassyklanyldy, “Emeli aň hakynda” Kanun we Sanly kodeks kabul edildi. Şeýlelikde, täze sanly ykdysadyýetiň depginli ösmegi üçin zerur bolan hukuk we institusional esas döredildi.
Iň esasy zat, bu giň gerimli işler jemgyýetimiz tarapyndan hem goldanylýar. Sebäbi olar raýatlara we işewürlere hakyky peýda getirýär.
Döwlet hyzmatlarynyň 90 göteriminden gowragy onlaýn görnüşde elýeterli boldy. “eGov Mobile” goşundysynda ýurduň ilatynyň üçden iki bölegine golaýy, ýagny 13 million adam hasaba alyndy.
Bir hepde öň çap edilen Birleşen Milletler Guramasynyň barlaglaryna görä, Gazagystan elektron hökümetiň ösüşi boýunça dünýä reýtinginde 16-njy orny eýeledi we soňky iki ýylyň dowamynda 8 basgançak ýokary galdy.”
Tehnologik telekeçiligi ösdürmek üçin amatly şertler döredildi. Geçen ýyl ýurdumyzyň IT hyzmatlarynyň eksporty 1 milliard dollardan geçdi.
Startaplara we tehnologiýa kompaniýalaryna goldaw berýän Astana Hub tehnologiýa seýilgähi üstünlikli işleýär. 2019-njy ýyldan bäri onuň gatnaşyjylarynyň umumy girdejisi takmynan 7 milliard dollara ýetdi.
Häzirki wagtda Astana Hub-da 2700 sany startap we kompaniýa bar. Ilkinji “unicorn” kompaniýasy peýda boldy, onuň yzy bilen beýleki kompaniýalar hem gelýär.
Bu kompaniýanyň ady Higgsfield. Ol bary-ýogy bir ýylyň dowamynda, giňden ulanylýan adalga bilen aýdylanda, 10 milliard dollarlyk baha ýetdi. Gazagystandan bolan iki zehinli ýigit tarapyndan döredilen bu kärhananyň bazar bahasy yzygiderli ýokarlanýar.
Men internetiň kanuny ýol bilen girdeji gazanmak isleýän adamlaryň hyzmatynda boljak “halkyň sanly ykdysadyýetini” döretmek wezipesini öňde goýdum we anyk kesgitledim.
Başgaça aýdylanda, internet, köplenç atlandyrylyşy ýaly, “zibil gutusy” däl-de, döredijilikli işiň we netijeli zähmetiň giňişligi bolmalydyr.
Raýatlaryň sanly ulgamda iş bilen üpjün edilmegini gazanmak üçin anyk çäreler görülýär.”
Döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, geljegiň sanly ykdysadyýeti üçin hünärmenleri taýýarlamaga hem uly üns berilýär. AI-Sana maksatnamasynyň çäklerinde 100 müňden gowrak talyp emeli aňy amaly taýdan ulanmak boýunça başarnyklary ele alýar.
