Indoneziýa bilen Hytaý umumy bahasy 71,8 milliard dollara barabar bolan dört sany strategik hyzmatdaşlyk taslamasyny durmuşa geçirmek barada ylalaşdylar.
Bu barada Indoneziýanyň Prezident köşgüniň beýanatynda aýdylýar.
Iň iri taslamalaryň biri Indoneziýanyň özygtyýarly baýlyk gaznasy Danantara bilen Hytaýyň “Shaanxi Construction Engineering Group Corporation Limited” kompaniýasynyň ýolbaşçylygyndaky konsorsiumyň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlygyň çäklerinde 10 sany “akylly şäheriň” gurulmagyny göz öňünde tutýar. Taslama gönükdiriljek maýa goýumlarynyň möçberi takmynan 50 milliard dollar diýlip çaklanylýar.
“Geljek ýylyň başynda bu taslama taryhdaky iň ähmiýetli taslamalaryň birine öwrüler” diýip, Danantara gaznasynyň baş direktory Rozan Roýslani mälim etdi.
Noýabr aýynyň başynda Danantara Indoneziýanyň dürli sebitlerinde on sany “akylly şäheri” gurmak meýilnamalary barada habar beripdi. Bu şäherler ýaşaýyş jaý toplumlaryny, uniwersitetleri, hassahanalary, söwda merkezlerini we ösen infrastrukturany öz içine alýan döwrebap, bitewi şäher etraplary bolar.
Beýleki ylalaşyklar Hytaýyň “Hisense” kompaniýasy bilen bilelikde 10 milliard dollar möçberinde maýa goýumlaryny çekmek arkaly barlaghanalary döretmegi we durmuşda ulanylýan durmuş tehnikalaryny öndürmegi, şeýle hem Hytaýyň Döwlet ösüş we maýa goýum korporasiýasynyň (SDIC) ýolbaşçylygyndaky konsorsium bilen ýene-de 10 milliard dollar möçberinde infrastruktura taslamalaryny maliýeleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýar.
Ýene bir hyzmatdaşlyk kömri etanola öwürmek tehnologiýasyny ornaşdyrmak bilen baglydyr. Bu taslama Indoneziýanyň Ýokary bilim ministrligi, döwlet energetika kompaniýasy Pertamina we Hytaýyň “Beijing Petrochemical Engineering Co., Ltd”. kompaniýasy gatnaşýar. Taslama gönükdiriljek maýa goýumlarynyň möçberi 1,8 milliard dollara barabar bolar.
