JEMGYÝET

Türkmenistandan 120-den gowrak telekeçi türkmen-hytaý işewürler forumyna gatnaşdy

Şanhaýda geçirilen türkmen-hytaý işewürler forumy iki ýurduň 470-den gowrak işewür wekillerini bir ýere jemledi.

Şanhaý şäherinde Türkmen-Hytaý işewürler forumynyň birinji güni tamamlanýar. Forumyň işine Hytaýyň 300-e golaý kompaniýasyna we guramasyna wekilçilik edýän 350-den gowrak wekili, şeýle hem Türkmenistandan 120-den gowrak wekil gatnaşýar.

Häzirki wagtda forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen B2B we B2G görnüşindäki işewür duşuşyklar geçirilýär.

Related posts

Pagta ýygymçy we Pagtaçy.”. hünârleri sanawa goṣuldy

Akhan – “Ýylyň türkmen edermen alabaýy”

Garaşsyzlyk baýramy: Dabaraly harby ýöriş geçirildi

Ata Watan Eserleri