BIZNES

Türkmenbaşy deňiz portunda Türkmenistanyň we Pakistanyň gümrük işgärleri özara tejribe alyşdylar

2026-njy ýylyň 3-4-nji noýabrynda Türkmenbaşy halkara deňiz portundaky Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyň bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň gümrük işgärleriniň arasynda tejribe alyşmak maksady bilen okuw maslahaty geçirildi.

Çäräniň dowamynda päkistanly gümrük işgärlerine, Hazarýaka sebitinde iri logistika toplumy bolan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri, şeýle hem üstaşyr geçirilýän ulag serişdeleri we harytlar babatynda gümrük gözegçiligini alyp barmak üçin döredilen döwrebap şertler bilen ýakyndan tanyşdyryldy.

Şeýle hem, türkmen we päkistanly gümrükçiler Bütindünýä gümrük guramasynyň (WCO) Ýolagçy we ýük daşamalaryna gözegçilik etmek boýunça maksatnamasynyň hem-de Gümrük gulluklarynyň we port gözegçilik toparlarynyň sebitara torunyň (IREN) çäklerinde alnyp barylýan işler boýunça öz tejribelerini paýlaşdylar we geljekde hyzmatdaşlygyň ugurlaryny maslahatlaşdylar.

Bilelikdäki okuw maslahaty, Halkara deňiz portlarynyň üsti bilen amala aşyrylýan ýük daşamalarynda gümrük gözegçiligini talabalaýyk guramak, howpsuz ýük daşamalary üpjün etmekde sanly ulgamyň mümkinçiliklerini peýdalanmak babatynda tejribeleri alyşmakda ähmiýetli boldy.

Related posts

Ýaponiýada Türkmenistanyň söwda wekilhanasyny açmak mümkinçiligi öwreniler

Türkmenistanyň Prezidenti TRifat Hisarjyklyogluny kabul etdi

vepa

Türkmenistanda hususy kärhana ilkinji gezek önümçilikde Gün energiýasyny ulanar