BIZNES

Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň on aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 3,8 göterime, gurluşykda 6,8 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterime, söwdada 8,6 göterime, oba hojalygynda 1,2 göterime we hyzmatlar ulgamynda 8,5 göterime deň boldy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda jemi öndürilen önüm 10 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 10,6 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 9,5 göterim artdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini kämilleşdirmegi dowam etmegiň, jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamagyň, şeýle hem ykdysadyýetiň pudaklaryny sazlaşykly ösdürmek boýunça zerur çäreleri görmegi dowam etmegiň möhümdigini belledi we şunuň bilen baglylykda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 249 birža söwdasy geçirilip, olarda 25 müň 987 şertnama hasaba alyndy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, umumy girdejiniň ösüş depgini 146,4 göterime, 2026-njy ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 107,3 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 22 sergi we 10 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 109,7 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 108,1 göterime deň boldy. Söwda-haryt dolanyşygynda 110,2 göterim, hyzmatlar ulgamynda 109,3 göterim ösüş gazanyldy.

Related posts

“Datmeni” haryt nyşanly şerbetler taýýarlanýar

Oba hojalygy: miwe we gök önümleriň önümçiligi

Polipropilen çig malynyň eksporty

Ata Watan Eserleri