Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň hüjümçisi Kristiano RonaldoPortugaliýanyň milli ýygyndysyndaky karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi. Futbolçy bu barada özüniň «X» sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi.
«Milli ýygyndymyzyň 7-nji belgili köýnekçesini yzyna gaýtarmagyň wagty geldi. Bu meniň üçin aňsat karar bolmady. Sebäbi käbir kararlar diňe akyl bilen däl, eýsem ýürek bilen hem kabul edilýär. Men 2003-nji ýylyň awgust aýynda başlanan we durmuşymy hemişelik üýtgeden ýolumy tamamlaýaryn» diýip, Ronaldo aýtdy.
Belläp geçsek, 41 ýaşly Kristiano Ronaldo Portugaliýanyň milli ýygyndysyndaky ilkinji duşuşygyny 18 ýaşynda, 2003-nji ýylyň 20-nji awgustynda Gazagystanyň milli ýygyndysyna garşy geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda (1:0) geçiripdi. Ol şol duşuşygyň ikinji ýarymynda meýdança çykypdy.
Kristiano Ronaldo 41 ýaşynda. Ol Çempionlar ligasynyň bäş gezek, Ýewropa çempionatynyň bir gezek we Milletler ligasynyň iki gezek ýeňijisidir.
Kristiano Ronaldo milli ýygyndylaryň, Ýewropa çempionatlarynyň, Çempionlar ligasynyň we klublaryň arasyndaky dünýä çempionatlarynyň taryhynda iň köp gol geçiren futbolçy hökmünde rekordlara eýedir.
Futbolçy 2022-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunda çykyş edýär. Ol karýerasynyň dowamynda Portugaliýanyň «Sporting», Angliýanyň «Mançester Ýunaýted», Ispaniýanyň «Real Madrid» we Italiýanyň «Ýuwentus» klublarynda hem oýnady.
Kristiano Ronaldo professional futbol karýerasynda jemi 985 gol geçirdi. Şolaryň 146-syny Portugaliýanyň milli ýygyndysynda, 839-syny bolsa klub derejesinde geçirdi.
