DÜNÝÄ

Özbegistanyň Prezidenti pagta hasylynyň rekord derejä ýetendigini habar berdi

Özbegistanda 2026-njy ýylda ýygnalan pagtanyň möçberi 5 million tonnadan geçip, ýurduň taryhynda rekord derejä ýetdi. Bu barada Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew habar berdi.

«Sizi rekord netije bilen gutlaýaryn. Täze Özbegistanyň taryhynda ilkinji gezek 5 million tonnadan gowrak pagta hasyly ýygnaldy» diýip, Prezident belledi.

Döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, soňky ýyllarda pudagyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen pagta ekilýän meýdanlar 38 göterim azaldyldy. Netijede, pagtanyň hasyllylygy 2,7 esse ýokarlanyp, gektardan 21 sentnerden 56 sentnere ýetdi.

«Suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde suwuň sarp edilişiniň 1990-njy ýyllar bilen deňeşdirilende iki esse azalmagy, şeýle hem suwuň her bir kub metrinden alynýan hasylyň möçberiniň yzygiderli artmagy biziň üçin örän möhümdir» diýip, Prezident nygtady.

Şu ýyl ekiş usullarynyň üýtgedilmegi we pagtanyň täze sortlarynyň ulanylmagy netijesinde 400 müň gektara golaý meýdanda ortaça hasyllylyk gektardan 70 sentnere, 70 müň gektar meýdanda bolsa 100–110 sentnere ýetdi.

Mirziýoýew geljek ýyl ýurtda pagtanyň ortaça hasyllylygyny gektardan 65–70 sentnere ýetirmegi maksat edinýändigini aýtdy. Onuň bellemegine görä, munuň üçin ýokary hasyl berýän pagta sortlaryny ekmäge, agrodronlary, suw we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary, şeýle hem emeli aňy giňden ulanmaga şertler dörediler.

Özbegistan pagta we pagta süýümini öndürmek boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna girip, bäşinji orny eýeleýär. 2025-nji ýylda ýurtda 4 million tonna golaý pagta hasyly ýygnaldy.

Related posts

Dohada Türkmenistanyň Garaşsyzlygy mynasybetli kabul edişlik geçirildi

Ata Watan Eserleri

Gyrgyzystan Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmenistanda Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini dikeltmek işi dowam edýär