JEMGYÝET

“Gap Inşaat” kompaniýasy Daşoguzda azotly dökünleri öndürýän zawody gurar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolup, welaýatyň Garaşsyzlyk etrabynda kuwwatlylygy ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürýän toplumyň gurluşygyna badalga berilmegine bagyşlanan dabaralara gatnaşdy.

“Watan” habarlar geplşiginde bellenilip geçilişi ýaly, bu iri azot önümlerini öndürýän desga Türkiýäniň “Gap Inşaat” gurluşyk kompaniýasy tarapyndan gurlar.

Dabarada çykyş eden Türkiýäniň “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk çykyş edip, bu dabara Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynyň ähmiýetini belläp, şeýle möhüm ähmiýetli desganyň gurluşygynyň özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna ynanylandygy üçin hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Ahmet Çalyk bu iri taslamanyň Germaniýanyň “ThyssenKrupp AG” kompaniýasy bilen bilelikde halkara ülňülerine laýyklykda amala aşyryljakdygyny belledi.

Täze iri azotly dökünleri öndürýän toplumda ammiak selitrasynyň önümçiligi Germaniýanyň “ThyssenKrupp AG” kompaniýasy, karbamid bolsa, Niderlandrlaryň “Semikarbon” kompaniýasynyň ygtybarlygy esasynda gurlar.

Bu zawodda önümçiligiň esasy çig maly tebigy gaz bolup, onuň deslapdan bir ýylda 630 million kubmetr möçberini sarp etmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle iri taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen ýurdumyzyň oba hojalygyny zerur bolan dökünler bilen üpjün etmek bilen çäklenilmän, onuň artyk galan bölegini eksport etmek hem meýilleşdirilýär.

Bu iri desgada  1000-den gowrak täze iş orny dörediler. Zähmet çekjek ýaşlaryň aglabasy daşary ýurtlaryň uniwersitetlerinde okadylar.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen-italýan hyzmatdaşlygy üçin täze teklipleri öňe sürdi

Türkmenistan ve Türkiye Liderleri Arasında Telefon Görüşmesi

vepa

2026-njy ýyl – “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyryldy

Ata Watan Eserleri