Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi we Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ikitaraplaýyn, sebit we halkara gatnaşyklary giňeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada “IRNA” habarlar gullugy habar berdi.
Taraplar Tähran bilen Aşgabadyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna seredip, syýasy we ykdysady ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanmagyň möhümdigini nygtadylar.
Iki halkyň arasyndaky taryhy gatnaşyklara ünsi çeken Raşid Meredow bu ýakynlygyň geljekde gatnaşyklary ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigini aýtdy.
Ol Eýran bilen söwda, syýasy we medeni ugurlardaky gatnaşyklaryň giňeldilmegini oňyn bahalandyrdy.
Şeýle hem Raşid Meredow Türkmenistanyň dürli halkara meýdançalarynda Eýran tarapyndan goldanylýandygyna minnetdarlyk bildirdi.
Abbas Arakçi Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada gelip, ýurduň resmi wekilleri bilen gepleşikleri geçirdi.
Onuň bir günlük saparynyň esasy gün tertibini ikitaraplaýyn gatnaşyklar, sebit we halkara ýagdaýlar, şeýle hem Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmegiň ýollary girizildi.
