Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) XIII sammitiniň çäklerinde Ankarada maşgala we zenanlar meseleleri boýunça ministrleriň duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekiliýeti hem gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar maşgala institutyny berkitmek, çagalaryň hukuklaryny goramak, zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek we türki döwletleriň arasynda durmuş ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ministrler derejesindäki mejlisde çykyş edenler maşgalany we eneligi goldamagyň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň hem-de çagalaryň terbiýelenmegi üçin amatly şertleri döretmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydygyny nygtady.
Duşuşykda Türkiýäniň Türki Döwletleriň Guramasynyň maşgala we zenanlar meseleleri boýunça Geňeşini döretmek başlangyjynyň goldanylýandygy mälim edildi.
Bu ugurda tejribe alyşmagyň, bilelikdäki başlangyçlary işläp taýýarlamagyň we maşgalalaryň, zenanlaryň hem-de çagalaryň bähbitlerine gönükdirilen anyk netijeleri gazanmagyň möhümdigini bellenildi.
Iş saparynyň çäklerinde duşuşyga gatnaşyjylar «Saraý Engelsiz Ýaşam» atly maşgala goldaw, ideg we dikeldiş merkezine hem baryp gördi.
