Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň Tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, geljek aýda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli çäreleriň, şol sanda türkmen halkynyň baý taryhyny, medeniýetini, milli däp-dessurlaryny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek boýunça çäreleriň, aýratyn tapawutlanan ýaşlara Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dürli dersler boýunça halkara internet olimpiadalarynyň, Aşgabat şäheriniň çagalar baglarynda, orta mekdeplerde we çagalar sungat mekdeplerinde «Gül çagalar aýdym-sazly mekanda» atly aýdym-sazly festiwalyň, şeýle hem halypa ýazyjy-şahyrlaryň ömür-döredijiligine bagyşlanan döredijilik çäreleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty netijesinde, şu ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyzda Koreý medeniýetiniň hepdeliginiň, Ýewropanyň medeniýet günleriniň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň medeni hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Şeýle hem Aşgabat şäherinde «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramlar bilen bagly noýabr aýynda geçiriljek esasy çärelere gowy taýýarlyk görmegiň, täze desgalaryň düýbüni tutmak we ulanmaga bermek dabarasyny ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny nygtady.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni, Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
