MEDENIÝET

“Forsaž 9” rekord goýýar

Dünýäniň kinoteatrlarynda görkezilýän “Forsaž” filiminiň 9-njysy ummasyz köp girdeji gazanýar. Häzirki wagtda “Forsaž 9” kinofilmi ABŞ bilen bir hatarda 50 töweregi ýurtda görkezilýär we prokatlardaky gazanjy 500 million dollara deň boldy.

ABŞ-nyň prokatlaryndaky girdeji 125 million dollar, dünýädäki prokatlarda bolsa 375 million dollar girdeji gazanyldy.

Filmiň 500 million dollar girdeji gazanmagy diňe bir bu film üçin däl, eýsem Golliwudyň ähli kino pudagy üçinem möhümdir. COVID-19 pandemiýasy başlaly bäri hiç bir Golliwud filmi şeýle ýokayr girdeji gazanyp bilmändi.

Elbetde, bu ýagdaýyň sebäbi esasan kinoteatrlaryň ýapylmagy bilen baglanyşyklydyr. Ýöne “Forsaž 9” filmine bolan gyzyklanma beýleki filmleriň önümçiligini çaltlaşdyryp biler.

 

“Ata Watan Eserleri”: baýrakly makala ýaryşy dowam edýär

Ýene-de okaň

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Ata Watan Eserleri

Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi