JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ankara amala şyrýan iş saparynyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlyk ugurlaryna seredildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şol bir wagtda şu gün Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 13-nji sammitine gatnaşyp, bu ýerde çykyş etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti sammitdäki çykyşynda: «Türki döwletler giň ykdysady mümkinçiliklere eýedir. Olardan netijeli peýdalanmak üçin energetika, senagat, çig maly gaýtadan işlemek we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek zerurdyr» diýip belledi.

Related posts

Türkmen alabaýynyň baýramy bellener

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Gazagystan bilen gaz ulgamynda gepleşikler geçirmäge taýýar

Goňurhan – «Ýylyň türkmen edermen alabaýy»