BIZNES

Özbegistanda “Apple Pay” we “Google Pay” töleg hyzmatlary işe girizildi

Özbegistanda halkara sanly töleg hyzmatlary bolan “Apple Pay” we “Google Pay” işe girizildi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewa habar berdi.

«Siz bilen hoş habary paýlaşmak isleýärin: ahyrsoňy, şu günden başlap Özbegistanda “Apple Pay” we “Google Pay” töleg hyzmatlary işe girizildi» diýip, ol ýazdy.

Bu hyzmatlaryň işe girizilmegi Özbegistanyň halkara sanly töleg ulgamyna goşulyşmagynda möhüm ädim boldy.

Mundan ozal Saida Mirziýoýewa “Google” kompaniýasynyň wise-prezidenti Karan Bhatiýa bilen duşuşygynda halkara töleg ulgamlaryny ulanmak üçin zerur bolan hukuk we tehnologik şertleri döretmek meselelerini ara alyp maslahatlaşypdy.

“Apple Pay” we “Google Pay” hyzmatlary raýatlara hem-de daşary ýurtly myhmanlara smartfonlaryň kömegi bilen galtaşyksyz tölegleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Bu hyzmatlaryň gündelik tölegleri ýeňilleşdirmegine, nagt pula bolan zerurlygy azaltmagyna we syýahatçylar üçin amatly şertleri döretmegine garaşylýar.

Mundan başga-da, halkara sanly töleg hyzmatlarynyň işe girizilmegi Özbegistanyň ählumumy tehnologik hyzmatdaşlyga gatnaşygyny giňeltmek we ýurduň sanly töleg infrastrukturasyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Related posts

Türkmenistanda öndürilen mekdep partalary Gazagystanyň mekdeplerini bezeýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen önümleri Seul şäherinde geçirilen Import harytlaryň sergisinde görkezildi

Türkmenistanda 2024-nji ýylda 49 sany desga ulanmaga berler