«Fenerbahçe» futbol kluby baş tälimçi İsmail Kartal bilen şertnamasyny ýatyrandygyny habar berdi.
Bu barada klubuň ýaýradan beýanatynda şeýle diýilýär:
«Baş tälimçimiz İsmail Kartal wezipesinden gitmek baradaky kararyny klubymyzyň ýolbaşçylygyna mälim etdi. Geçirilen gepleşikleriň netijesinde bu karar özara düşünişmek we hormat goýmak esasynda kabul edildi. Klubymyz üçin çeken zähmeti, görkezen yhlasy we «Fenerbahçe» bolan wepalylygy üçin İsmail Kartala minnetdarlyk bildirýäris. Oňa geljekki işinde üstünlik arzuw edýäris».
18-nji iýunda dördünji gezek «Fenerbahçe» klubunyň baş tälimçisi wezipesine bellenen 65 ýaşly Kartal bu döwürde toparyna 18 duşuşykda ýolbaşçylyk etdi.
Tejribeli hünärmeniň ýolbaşçylygynda topar UEFA-nyň Çempionlar ligasynda 9, Türkiýäniň Trendyol Superligasynda hem 9 duşuşyk geçirdi. Şol 18 duşuşykda topar 9 gezek ýeňiş gazandy, 5 gezek deňme-deň oýnady we 4 gezek ýeňlişe sezewar boldy.
İsmail Kartal soňky gezek Türkiýäniň çempionatynyň çäklerinde geçirilen we «Fenerbahçe» toparynyň «Galatasaray» klubundan 2:1 hasabynda ýeňlen derbi duşuşygynda baş tälimçi wezipesini ýerine ýetirdi.
