Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti sesini respublikanlara berendigini habar berdi.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 24-nji oktýabrda Florida ştatynda ABŞ Kongresiniň aralyk saýlawlarynda möhletinden öň ses berendigini habar berdi.
Žurnalistiň prezidentiň öz partiýadaşlary — respublikanlar üçin ses berendigi baradaky soragyna Tramp: «Hut şeýledir» diýip jogap berdi. Tramp saýlaw uçastogyna maşgalasy Melaniýa Tramp bilen geldi.
ABŞ-da aralyk saýlawlar 3-nji noýabrda geçiriler. Şeýle-de bolsa, saýlawçylara möhletinden öň — hem şahsy, hem-de poçta arkaly ses bermäge mümkinçilik berilýär.
Agzalan saýlawlarda Senatyň düzüminiň üçden biri we Kongresiň wekiller palatasynyň ähli agzalary gaýtadan saýlanar. Häzirki wagtda iki palata-da Respublikan partiýanyň gözegçiliginde durýar.
