MEDENIÝET

Aşgabatda halkara teatr festiwaly geçiriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň noýabrynda Aşgabat şäherinde «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu festiwala gatnaşmak üçin daşary ýurtlaryň birnäçe teatr toparlarynyň ýurdumyza gelmegine garaşylýar. Aşgabat we Arkadag şäherleriniň teatrlarynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň teatrlarynyň sahna oýunlarynyň görkezilişini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem teatr ýolbaşçylarynyň we döredijilik işgärleriniň gatnaşmaklarynda teatr sungatyny ösdürmek we hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça iş maslahaty guralar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli teatr sungatyny ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalyna gowy taýýarlyk görmegi hem-de ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Related posts

“Ýeke özi öýde” filminiň baş gahrymany indi ýeke däl

Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň Strategiýasy tassyklandy

Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär