JEMGYÝET

Gruziýanyň Premýer-ministri: Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyrys

Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidze Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri üçin resmi agşam naharyny berdi.

Premýer-ministriň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Kobahidze Gruziýa gelendikleri üçin Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň daşary işler ministrlerine minnetdarlyk bildirdi.

Ol Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň we dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň Gruziýanyň Hökümetiniň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny aýtdy.

Gruziýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy şu gün Batumi şäherinde geçiriler.

Saparyň dowamynda Gruziýanyň Premýer-ministriniň orunbasary we daşary işler ministri Maka Boçorişwili kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Related posts

Täze ýolbaşçylar wezipä bellendi

Ata Watan Eserleri

Garaşsyzlyk baýramynyň dabaraly harby ýörişi

Ata Watan Eserleri

Güney Kore Seçilmiş Devlet Başkanına kutlama

vepa