2026-njy ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Gruziýanyň Adalatçysy Lewan Ioseliani bilen duşuşygy boldy.
Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň işjeň depginini kanagatlanma bilen bellediler.
Ýokary derejedäki yzygiderli özara saparlaryň döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň esasy faktory bolup durýandygy aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň iýul aýynda Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň ähmiýeti bellenildi.
Taraplar adam hukuklarynyň goraglylygy we parlament ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň ähmiýeti aýratyn agzaldy.
Jenap Lewan Ioseliani gyzgyn myhmansöýerligi üçin türkmen tarapyna minnetdarlygyny bildirdi we Türkmenistanyň baş baýramy bolan Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy bilen gutlady.
