Garaşsyzlyk – her bir halkyň milli buýsanjy, asudalygynyň binýady we geljege bolan ynamynyň güýç berýän mukaddes çeşmesidir. Häzirki wagtda Günüň ýagty şöhlesi bilen bezenýän, parahatçylygyň we durnuklylygyň mekanyna öwrülen ata Watanymyz Türkmenistan şanly taryhynyň täze bir belent tapgyryna – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk beýik toýuna buýsançly hem-de uly zähmet ýeňişleri bilen gadam basýar. Bilim ulgamynyň işgäri hökmünde bu beýik toýy garşylamak, ýaş nesillere mukaddes ata Watanymyza bolan söýgini we il-günümize bolan wepalylygy öwretmek biziň üçin çäksiz mertebedir.
Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy diňe bir taryhy sene bolman, eýsem, geçen ýyllaryň dowamynda gazanylan ägirt uly üstünlikleriň, parahat durmuşyň hem-de milli agzybirligimiziň aýdyň dabaralanmasydyr. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir güni, her bir sagady belent özgerişlere, üstünliklere beslenýär. Watanyň binýadyny berkidýän, halkyň hal-ýagdayyny gowulandyrýan syýasat täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Bilim ojaklarynda häzirkizaman tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, täze-täze döwrebap mekdepleriň we çagalar baglarynyň ulanyşa berilmegi ýaşlarymyzyň iň öňdebaryjy bilimleri almagyna giň ýol açýar. Bilim işgäri hökmünde biz bu özgerişleriň hakyky şaýady bolup, ata Watanymyza hyzmat etmegiň belent jogapkärçiligini duýýarys.
Garaşsyzlyk — halkyň ýagty geljege ynamly gadam urmagyna giň ýol açýan beýik gymmatlyk. Garaşsyz döwlet hökmünde Türkmenistan öz ösüş ýoluny kesgitlemek bilen, milli bähbitlere, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine we uzak möhletleýin ösüş maksatlaryna daýanýar.
Berkarar Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň gazanylmagy halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda täze eýýamyň, milli galkynyşyň we özbaşdak ösüşiň başlangyjy boldy. Geçen 35 ýylyň dowamynda ýurdumyz diňe bir syýasy taýdan däl, eýsem, ykdysady, durmuş, ylmy we medeni ugurlarda hem ägirt uly ösüş ýoluny geçdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan ägirt uly üstünlikler diňe bir halkymyzyň bagtyýar ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrman, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýäniň geosyýasy giňişligindäki abraýly ornuny hem berkitdi.
Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryna çenli ýurdumyz, esasan, çig mal ugratmaga ukyply agrar döwlet bolan bolsa, şu günki günde ol kuwwatly innowasion-senagat binýady bolan döwrebap ykdysadyýetli döwlete öwrüldi. Dünýäniň iň uly gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» käniniň özleşdirilmegi we Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygy ýurduň ykdysady garaşsyzlygynyň berkidilmeginde ähmiýetli orun eýeledi. Ýurdumyzda tebigy gazdan ýokary hilli benzin, polimer, karbamid we beýleki himiýa önümlerini öndürýän ägirt uly zawodlar guruldy. Ýerli pagtany doly gaýtadan işleýän, dünýä standartlaryna laýyk gelýän dokma toplumlary peýda boldy. «Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanly harytlar dünýä bazarynda öz ornuny aldy.
Türkmenistanyň 35 ýyllyk Garaşsyzlyk ýoly — bu parahatçylygyň, durnukly ösüşiň, milli agzybirligiň şanly ýoludyr. Geçilen taryhy döwür amala aşyrylan düýpli özgertmeleriň, ykdysady durnuklylygyň netijesinde, ýurduň geljege tarap ynamly gadam urýandygyny aýdyň subut edýär. Bu ösüşler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pederlerden miras galan parahatçylyk, agzybirlik we durnuklylyk ýörelgelerini döwrebap derejede dowam etdirmegi hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň aýdyň netijesidir.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz tarapyndan saýlanyp alnan ösüşiň hususy nusgasy ykdysady özbaşdaklygy gazanmaga, durnukly jemgyýetçilik-syýasy ulgamy kemala getirmäge we netijede, sebitde parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň geosyýasy kepiline öwrülmäge mümkinçilik berdi. Bu mukaddes gymmatlyk diňe bir çäk bitewüligini we şertleriň durnuklylygyny däl-de, eýsem, milli medeniýetiň, dil we taryhy mirasyň gaýtadan dikeldilmegini we döredijilik güýjüniň doly jemlenmegini üpjün edýän esasy aýratynlykdyr.
Paýtagtymyz Aşgabat özüniň döwrebap binagärligi, giň şaýollary, ak mermerli binalary bilen Garaşsyz Türkmenistanyň ösüş kuwwatyny dünýä äşgär edýän şähere öwrüldi. Iri gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ösüşiň täze depginleriniň emele gelýändigini görkezýär.
Milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, täze senagat kärhanalarynyň, önümçilik toplumlarynyň döredilmegi, ýerli çig mallary gaýtadan işlemek boýunça mümkinçilikleriň artdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrýar. Oba hojalygynda täzeçil usullaryň we döwrebap tehnikalaryň ulanylmagy önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilýär. Garaşsyz Türkmenistan halkara giňişlikde parahatçylygy, dost-doganlygy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy öňe sürýän döwlet hökmünde mynasyp ornuny pugtalandyrýar. Garaşsyzlyk — geçen ýolumyza buýsanç, şu günümize ynam, geljegimize ýagty umyt. Bu beýik gymmatlygy gözümiziň göreji ýaly gorap, döwletliligiň we durnukly ösüşiň aýdyň ýolunda agzybirlik bilen öňe gitmek her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan taryhy güni başdan geçirýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi, sözüň doly manysynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasyndaky döwletlilik geňeşidir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň hem-de Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň biri-birine sazlaşykly gelmegi şu günlere aýratyn many berýär. Baýramçylyk joşgunyna beslenýän günlerde her birimiziň öz iş ýerimizde kanunylygy berkitmäge, ilata edilýän hyzmatlaryň medeniýetini ýokarlandyrmaga, raýatlaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň ygtybarly goralmagyna goşant goşmagymyz esasy wezipelerimiziň biri bolup durýar. Garaşsyzlyk baýramynyň jemgyýetimiziň agzybirligini, döredijilikli zähmete bolan höwesini artdyrýan şanly sene hökmünde mundan beýläk-de uly dabaralara beslenmegini arzuw edýäris.
Özygtyýarlylygymyzyň ýubileý baýramynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň beýleki ulgamlary bilen birlikde ylym-bilim ulgamynda hem düýpli özgertmeler durmuşa geçirildi. Şol sanda Watanymyzyň daýanjy hasaplanylýan bagtyýar ýaşlaryň döwrebap şertlerde bilen almaklaryny gazanmak döwlet syýasatymyzda birjik-de ünsden düşürilmeýär. Gurlup, ulanylmaga berilýän döwrebap bilim ojaklarynyň ýylyň-ýylyna sanynyň artmagy, milli bilim ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň röwşen geljegi ugrundaky aladalaryň binýadyny berkidýär.
Zamanamyza galkynyş paýlaýan şeýle beýik işler döwrümize buýsanjy artdyryp, her birimizi önjeýli we tutanýerli zähmete ruhlandyrýar. Biz hem ýurdumyzda ýaşlara berilýän bilimi kämilleşdirmek we dünýä ölçeglerine laýyk getirmek boýunça kabul edilen konsepsiýalarda we täze bilim maksatnamalarynda bellenilen wezipelerden ugur alyp, bilim we terbiýeçilik işlerini döwrebap äheňde guraýarys. Bilim bermegiň ähli basgançaklarynyň ýokary hilli elektron enjamlary bilen üpjün edilmegi, maglumat üpjünçiliginiň gowulandyrylmagy ähli ugurlardan baş alyp çykmagy başarýan hünärmenleri terbiýeläp ýetişdirmäge şert döredýär.
Mährijemal Çaryýewa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
pedagogika we psihologiýa ikinji derejeli mugallymy.
