DÜNÝÄ

Türkmenistan Hazarüsti söwda ýoly boýunça Nýu-Ýorkda geçirilen duşuşyga gatnaşdy

23-nji sentýabrda Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Esen Aýdogdyýew Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde geçirilen «Parahatçylyk arkaly abadançylyk: Hazarüsti söwda ýoluna we TRIPP-e maýa goýum» atly çärä gatnaşdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň başlangyjy bilen guralan çärede ABŞ-nyň ýörite wekili Stiw Witkoff çykyş etdi. Çärä ýokary wezipeli ABŞ resmileri, Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz ýurtlarynyň wekilleri, şeýle hem 40-dan gowrak kompaniýanyň wekilleri gatnaşdy.

Duşuşykda sebitara arabaglanyşygy berkitmek, ulag we söwda gatnaşyklaryny giňeltmek, hususy maýa goýumlaryny çekmek, şeýle hem Hazarüsti söwda ýoly we TRIPP boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Panel ara alyp maslahatlaşmasynda ilçi Esen Aýdogdyýew Türkmenistanyň sebit ulag arabaglanyşygyny ösdürmek boýunça çemeleşmesini tanyşdyrdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň, Hazar sebitiniň we halkara bazarlarynyň arasynda üstaşyr gatnawlary hem-de söwdany ýeňilleşdirmekde möhüm ornunyň bardygyny belledi.

Related posts

Döwlet Baştutanlary barada nämeler bilýärsiňiz?

Jozef Baýdenden milli Liderimize minnetdarlyk

Türkiýeli işewür Ahmet Çalyk “Arkadag” medaly bilen sylaglandy