Türkmenistanda ahalteke atçylygyny gorap saklamak we ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke tohumynyň arassalygyny gorap saklamaga, atly sporty ösdürmäge, degişli infrastruktura desgalaryny kämilleşdirmäge we bu ugurda hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berýärler.
Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan taýýarlanan “Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň ähmiýeti uludyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde gol çeken resminamasy bilen tassyklanan şu Kanun türkmen halkynyň milli gymmatlygy bolan ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragynyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär.
Şeýlelikde, ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy güýje girdi. Bu Kanun ilkinji gezek kanunçylyk derejesinde rowaýata öwrülen tohuma milli gymmatlyk derejesini berdi. Resminama ähli atlaryň hökmany genetiki barlagdan geçirilmegini, sanly çipler bilen belgilenmegini, şeýle hem sport ýa-da tohumçylyk işini tamamlan bedewleriň döwlet goragyny üpjün etmegi göz öňünde tutýar.
«Ahalteke bedewleriniň döwlet goragy hakynda» Kanun rowaýata öwrülen «behişdi bedewleriň» genofonduny gorap saklamaga, atçylyk pudagyny ösdürmäge hem-de milli mirasy dünýä derejesinde wagyz etmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň hukuk binýadyny döredýär.
Kanun ýaşy, alan şikesleri ýa-da saglyk ýagdaýy sebäpli sport, tohumçylyk ýa-da medeni ugurdaky işini tamamlan bedewleriň döwlet tarapyndan goralmagyny kepillendirýär.
Kanunyň 14-nji maddasy Türkmenistanyň ahalteke bedewleriniň taryhy watany hökmündäki derejesini berkidýär hem-de arassa ganly ahalteke bedewleriniň Halkara tohumçylyk kitabyny (Studbuk) ýöretmek boýunça Ahalteke atçylyk halkara assosiasiýasy bilen bilelikde iş alyp barmagy göz öňünde tutýar.
