ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp mundan beýläk ABŞ-nyň resminamalarynda emeli aňyň «superintellekt» diýlip atlandyryljakdygyny aýtdy. Ol bu barada Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda mälim etdi diýip, metbugat gulluklary habar berýär.
Trampyň aýtmagyna görä, «emeli» sözi hakyky bolmadyk aň barada gürrüň gidýän ýaly düşünje döredip biler. Munuň netijesinde bolsa bu tehnologiýa barada ýalňyş düşünje emele gelýär.
Şol sebäpli Ak tamyň ýolbaşçysy ABŞ-da emeli aňyň mundan beýläk «superintellekt» diýlip atlandyryljakdygyny aýtdy we beýleki ýurtlary hem bu göreldä eýermäge çagyrdy.
«Şu pursatdan başlap, ABŞ-nyň ähli resminamalarynda we, umyt edýärin, bütin dünýäniň resminamalarynda “emeli” sözi has takyk bolan “super” adalgasy bilen çalşyrylar. Başgaça aýdylanda, superintellektiň — SI-niň täze dünýäsine hoş geldiňiz. Munuň ulanyşa girip-girmejekdigini göreris. Bu has gowy eşidilýär. Bu has gowy we has takyk», — diýip Tramp aýtdy.
Ol şeýle hem ABŞ-nyň superintellektiň ösüşini çäklendirmek niýetiniň ýokdugyny, tersine, onuň ösdürilmegini goldajakdygyny belledi.
Şunuň bilen birlikde, Tramp Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň emeli aňyň ösüşine ýakyndan gözegçilik etjekdigini aýtdy. Şeýle hem zerurlyk ýüze çykan halatynda «ABŞ-nyň Adalat ministrliginiň we beýleki hukuk goraýjy edaralarynyň ýagdaýy gözegçilik astyna almaga taýýardygyny» nygtady.
