DÜNÝÄ

Gyrgyzystanda prezident saýlawlary 2027-nji ýylda geçiriler

Gyrgyzystanyň parlamenti nobatdaky prezident saýlawlaryny 2027-nji ýylyň 27-nji ýanwaryna belledi.

Gyrgyz metbugatynyň habar bermegine görä, prezident saýlawlaryny geçirmek baradaky karary mejlise gatnaşan 86 deputatyň ählisi goldady.

Gyrgyzystanyň Konstitusiýasynyň 80-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, prezident saýlawlarynyň senesini kesgitlemek ygtyýarlygy parlamente degişlidir.

Saýlawlar baradaky hereket edýän konstitusion kanuna laýyklykda, nobatdaky prezident saýlawlary döwlet baştutanynyň ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanýan ýylynyň ýanwar aýynyň dördünji çarşenbesinde geçirilmelidir. Saýlawlaryň senesi ses beriljek güne azyndan dört aý galanda parlament tarapyndan kesgitlenýär.

Şeýlelikde, Gyrgyzystanda nobatdaky prezident saýlawlary 2027-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda geçiriler.

Related posts

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Mejlisiniň Başlyklary duşuşdy

Daşary ýurt liderleri Prezident Serdar Berdimuhamedowy Nowruz baýramy bilen gutlaýar

Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutladylar