JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Sauda hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Ministrler Kabinetiniň Başlygy Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda we ýurduň ähli halkyna Saud Arabystany Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky däbe öwrülen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň özara düşünişmegiň we ýakyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýandygyny belläp, bu gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Salman ben Abdelaziz Al Sauda hem-de Mirasdüşer Şazada, Ministrler Kabinetiniň Başlygy Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Saud Arabystany Patyşalygynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi. “Goý, Gudraty Güýçli Allatagala Size ýurduňyzyň we külli musulman ymmatynyň bähbidine gönükdirilen ähli asylly başlangyçlaryňyzda hem-de maksatlaryňyzda medet bersin!” diýip, döwlet Baştutanymyz arzuwlaryny beýan etdi.

Related posts

Ýurdumyzda “Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek” atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

Ata Watan Eserleri

BM’den Dünya Bisiklet Günü mesajı

vepa

Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi