DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri «Lapis Lazuli» boýunça iş duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 21-22-nji sentýabry aralygynda Owganystanyň Hyrat şäherinde «Lapis Lazuli» ulag-geçelgesi boýunça ýük gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak we olaryň hereketini ýeňilleşdirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan iş duşuşygy geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Taraplar hyzmatdaşlygynyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, alnyp barylýan işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.

Related posts

USAID Türkmenistanda hyzmatdaşlygyny giňeldýär

2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy: dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklar ösdüriler

Ýedi ýyldan soň… ilkinji gezek akordy üýtgetdi