ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, eger respublikanlar ýurtda geçiriljek aralyk saýlawlaryň netijeleri boýunça Kongresiň iki palatasynda-da gözegçiligi saklap galsalar, ähli kämillik ýaşyna ýeten amerikalylaryň 5 müň dollardan aljakdygyny wada berdi.
«Men şuny wada berýärin: eger respublikanlar Wekiller palatasynda we ABŞ-nyň Senatynda — iki palatada-da ýeňiş gazansalar, biziň ykdysady üstünliklerimiz sebäpli men ABŞ-nyň her bir kämillik ýaşyna ýeten raýatyna 5 müň dollar möçberinde diwidend tölerin» diýip, ol 9-njy sentýabrda agşam Dallasda ABŞ Kongresi üçin göz öňünde tutulýan noýabrdaky aralyk saýlawlarynyň öň ýanynda Respublikanlar partiýasynyň milli gurultýaýyndaky çykyşynda habar berdi.
Tramp amerikalylaryň «bu pullary ABŞ-da sarp etmeli boljakdyklaryny» nygtady. Onuň bellemegine görä, «bu “Tramp diwidendleri” diýlip atlandyrylar».
Kongres üçin aralyk saýlawlar 3-nji noýabrda geçiriler, olarda Kongresiň Senatynyň 100 agzasynyň 33-si we Wekiller palatasynyň ähli 435 agzasy täzeden saýlanar. Häzirki wagtda respublikanlar kanun çykaryjy organyň iki palatasynda-da köp orny eýeleýärler.
