2026-njy ýylyň 31-nji awgustynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Patyşalygyň Daşary işler ministriniň Jemgyýetçilik diplomatiýa boýunça orunbasary Raed bin Haled Karmali bilen duşuşdy.
Duşuşykda ministriň orunbasary jenap R.Karmali “Vision 2030” maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdyrdy. Bu maksatnamanyň ýurduň ykdysady we jemgyýetçilik ugurlaryny ösdürmeklige gönükdirilendigini belledi. Şeýle-de, bu maksatnamanyň ýaşlar tarapyndan we ýaşlar üçin amala aşyrylýandygyny nygtady.
Türkmen ilçisi M.Aýazow, Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasynda syýasy, medeni, ylym-bilim we ynsanperwer gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmek meseleleri maslahatlaşyldy. Hususan-da, ýokary okuw mekdepleriň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky ähtnama we degişli hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekişmek arkaly hyzmatdaşlyklary has-da giňeltmek boýunça tekliplerini hödürledi.
Şonuň ýaly-da, bu ugurda özara tejribe alyşmak, talyplary taýýarlamak, bilelikde ylmy maslahatlary we sergileri guramaklygyň üstünde durlup geçildi.
