DÜNÝÄ

Kasym-Žomart Tokaýew döwlet sapary bilen Seula bardy

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Prezident  Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonyň çakylygy boýunça Koreýa Respublikasyna döwlet sapary bilen bardy. Bu barada gazak Lideriniň metbugat gullugy habar berýär.

Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, Seuluň howa menzilinde döwlet Baştutanyny premýer-ministriň orunbasary – ylym we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ministri Pe Gýon Hun garşylady.

Saparyň maksatnamasy ýokary derejedäki gepleşikleri göz öňünde tutýar, olaryň dowamynda gazak-koreý giňeldilen strategik hyzmatdaşlygyny berkitmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.

16-njy sentýabrda döwlet baştutany ilkinji «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitiniň işine gatnaşar.

Related posts

Türkmenistan Saud Arabystanynyň “EKSPO-2030” Bütindünýä sergisini guramagyny goldaýar

Türkmenistan, 2019 Asya Kupası’na katılıyor

vepa

Türkiýede 7 günlük milli matam yglan edildi

Ata Watan Eserleri