BILIM

Lebapda bir günde 6 müň orunlyk üç täze bilim ojaklary açyldy

Bilimler we talyp ýaşlar gününde Lebap welaýatynda birbada üç sany iri bilim desgasy ulanmaga berildi. Olaryň hatarynda Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň talyba niýetlenen täze binalar toplumy, şeýle jemi 1 müň okuwçy orunlyk iki sany täze orta mekdep bar.

Şeýlelikde, bir günüň dowamynda welaýatda bilim edaralarynyň kuwwaty jemi 6 müň orna çenli artdy.

Täze desgalaryň Bilimler we talyp ýaşlar gününde açylmagy 2026–2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy bilen utgaşdy. Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem şu okuw ýylynyň birinji ýarymynda Lebapda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze toplumynyň we iki orta mekdebiň işe başlamagynyň meýilleşdirilendigini habar beripdi.

Related posts

«Ýaşlyk» teleýaýlymy : Mekdep we institut bilim maksatnamasyny sanly ulgama ornaşdyrmak

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň täze web-sahypasy

Türkmenistan-Katar: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk giňeldilýär