Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Gyrgyzystana amala aşyran döwlet saparynyň çäginde Gyrgyzystan bilen Hytaýyň arasynda 30-dan gowrak ikitaraplaýyn resminama gol çekdiler.
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Gyrgyzystana döwlet saparyny amala aşyrýar we Bişkekde geçirilýän Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşýar.
Resminamalar daşary syýasat, serhet hyzmatdaşlygy, demir ýol daşamalary, elektron söwda, gümrük işi we media mazmunly ugurlarynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gönükdirilendir.

Şeýle hem Gyrgyzystanyň Yssyk-Köl welaýaty bilen Hytaýyň Sinçzýan-Uýgur awtonom sebitiniň arasynda, şeýle-de Oş welaýaty bilen Syçuan welaýatynyň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada ylalaşyklara gol çekildi.
Mundan başga-da, taraplar oba hojalygy, ylym, medeniýet, adam serişdelerini ösdürmek we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýan goşmaça 20 resminama gol çekdiler.
