SPORT

«Fenerbahçe» 18 ýyldan soň UEFA Çempionlar ligasynda çykyş eder

Stambulyň «Fenerbahçe» kluby 18 ýyldan soň ilkinji gezek UEFA Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Türk kluby pleý-off tapgyrynda iki duşuşygyň jemi boýunça Fransiýanyň «Lion» klubyny 3:2 hasabynda ýeňdi.

Lionda geçirilen jogap duşuşygynda stambullylaryň düzüminde gollary Wedat Murigi (24) we Arçi Braun (28) geçirdi. Meýdan eýeleriniň düzüminde bolsa Malik Fofana (61) tapawutlandy. Stambulda geçirilen ilkinji duşuşyk 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlandy.

Şeýlelikde, «Fenerbahçe» 2008/09 möwsüminden bäri ilkinji gezek UEFA Çempionlar ligasynyň umumy tapgyryna gatnaşar.

Related posts

“Liwerpully” futbolçy Diogo Jota aradan çykdy

“PSŽ” Ronaldo bilen gepleşikleri geçirer  

Ata Watan Eserleri

Dunaýdan Orhona çenli Ýüpek ýoly rallisi Türkmenistandan geçdi

Ata Watan Eserleri