SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Gyrgyz raýatlary Hytaýa 10 güne çenli wizasyz girip bilerler

Gyrgyzystanyň raýatlary 20-nji awgustdan başlap Hytaýa 10 güne çenli möhlet bilen wizasyz girip bilerler. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanyny[ daşary syýasat bölüminiň müdiri Sagynbek Abdumutalip Hytaýyň Migrasiýa işleri boýunça döwlet müdirliginiň maglumatlaryna salgylanyp habar berdi.

Sagynbek Abdumutalipiň düşündirmegine görä, Hytaýa 10 güne çenli wizasyz girmek üçin diňe bir şert bar: Gyrgyzystana gaýdyp barmagyň üçünji bir ýurduň üstünden amala aşyryljakdygyny tassyklaýan uçar petegi bolmaly.

«Eger Gyrgyzystanyň raýaty Pekine, Şanhaýa ýa-da Hytaýyň başga bir şäherine wizasyz baryp görmek isleýän bolsa, saýlan şäherine göni uçar petegini, Gyrgyzystana gaýdyp gelmek üçin bolsa üçünji ýurtlaryň biriniň üstünden geçýän ugur boýunça petek satyn almagy ýeterlikdir.

Mysal üçin, Şanhaý — Almaty — Bişkek ýa-da Pekin — Daşkent — Oş ugurlaryndan peýdalanyp bolar.

Hytaýa girilende sanawda görkezilen 65 geçiriş nokadynyň islendik birine göni uçup bolýar.

Mundan başga-da, Hytaý tarapy Gyrgyzystanyň raýatlaryna Haýnan adasyna 30 güne çenli möhlet bilen wizasyz girmäge rugsat berdi.

Şeýlelikde, mundan beýläk Gyrgyzystanyň raýatlaryna wiza ýygymlaryny tölemek, wiza almak üçin resminamalary ýygnamak we konsullyga barmak üçin wagt sarp etmek zerur bolmaz.

Bellemeli zat, Hytaý Gyrgyzystanyň raýatlary üçin 10 günlük wizasyz tertibi birtaraplaýyn esasda girizýär. Hytaýyň raýatlaryna bolsa Gyrgyzystana girenlerinde öňküsi ýaly wiza talap edilýär.

Related posts

ABŞ-nyň wizasy boýunça möhüm bildiriş

Türkmenistanda “Сovid-19” ýokanjyna garşy göreş güýçlendirilýär

Koronowirusyň täze görnüşi ýüze çykaryldy