Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ýerasty baýlyklaryndan netijeli peýdalanmak maksady bilen, seýrek duş gelýän minerallaryň gözleg-barlag işlerini halkara tejribä laýyklykda ýerine ýetirmek babatda degişli çäreler görülýär. Şunda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Munuň özi ýerasty baýlyklary ýüze çykarmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Diýarymyzda ýerasty baýlyklary ýüze çykarmak, olary netijeli peýdalanmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýerasty baýlyklaryň gözlegi boýunça halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
