DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

2026-njy ýylyň 22–23-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDÇMB) wekiliýeti Ankara şäherinde saparda bolýar. Türkmen wekiliýeti Türkiýe Respublikasynyň Önüm biržalary birleşiginde (TÜRİB) birnäçe duşuşyklar geçirdi. Bu barada türk tarapy habar berdi.

 

TDÇMB-niň başlygynyň orunbasary Ýusup Amansaryýew hem-de Hukuk we işgärler bölüminiň başlygynyň orunbasary Azat Jelilowyň gatnaşmagynda geçirilýän iki günlük maksatnamanyň çäginde ygtyýarlandyrylan ambar ulgamy, ELÜS (Elektron önüm resminamalary) bazary, ygtyýarly klasifikatorlyk, TÜRİS goşundylary we oba hojalyk önümleriniň bazarlarynyň işleýiş mehanizmi barada özara maglumat we tejribe alşylýar.

Türkmen wekiliýeti, mundan başga-da, Polatly söwda biržasyny, barlaghanalaryň hyzmatlaryny we ygtyýarlandyrylan ambar desgalaryny ýerinde öwrenerler.

Saparynyň Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky birža edaralarynyň hyzmatdaşlygyna hem-de haryt bazarlarynyň ösmegine goşant goşmagyna ýardam etjekdigi bellenildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy

Türkmenistan BMG-de ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça milli tejribesini tanyşdyrdy

Türkmenistanda «e-TIR» ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça çäreler geçirilýär

Ahalteke atlarynyň Niderlandlardaky çempionatyna taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy

Tramp Infantinony BMG-niň Baş sekretary wezipesinde görmek isleýär

Kristin Hokins ABŞ-nyň Türkmenistandaky wagtlaýyn ynanylan wekili wezipesine bellendi